Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – ýaşlara gymmatly miras

5 Noýabr 2024
313

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly taryhy altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler agzybir halkymyzyň sözüň doly manysynda geljeginiň röwşendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle beýik işler halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini öňküdenem gowulandyryp, eziz Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işlere buýsanýar. Bu günki gün ähli ildeşlerimiz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny belent üstünliklere beslemek üçin özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Bu şanly ýylda belent maksatlardan, aýdyň wezipelerden ugur alynýar. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan kämil ýörelgelerine laýyklykda, ýyllary belent üstünliklere beslemek döwletlilikdir.

Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmegi we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, anyk mümkinçiliklere daýanýan beýik başlangyçlary özüniň köptaraplylygy, uzak geljege gönükdirilendigi, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigi bilen çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär. Esasan hem, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň gymmatly döredijiligi, ynsanperwerlik, agzybirlik hakyndaky beýik ýörelgeleri ynsan kalbyny nurlandyrýar. Nusgawy edebiýatyň gymmatlyklary, esasan hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýär. Sebäbi akyldar şahyryň döredijiligi ýaşlaryň kämilligi üçin, milli terbiýe üçin gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň asylly ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi nesillere uly mirasdyr. Milli gymmatlyklar, nusgawy edebiýatymyz ýaşlary bilim öwrenmäge hem ruhlandyrýar.

Ogulnar JORAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 51-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.