Dostluk — geljegiň ak ýoly

30 Oktýabr 2024
311

Turuwbaşdan bir hakykata ünsüňizi çekmek isleýäris: türkmen döwletiniň, türkmen halkynyň sözi bu gün tutuş Ýer ýüzünde iň oňlanylýan, iň goldaw tapýan söze öwrülýär. Çünki adamzat ähmiýetli iri forumlarda Bitarap döwletimiziň, halkymyzyň adyndan çykyş edýän hormatly Prezidentimiz, Milli Liderimiz dünýäni oňatlyga tarap özgerdip biljek aýdyň başlangyçlary bilen giň goldaw tapýarlar. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň 23 — 24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine saparynyň çäklerinde ýene bir gezek öz beýanyny tapdy. Döwlet Baştutanymyzyň BRICS sammitine gatnaşmagy we çykyş etmegi, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi Türkmenistanyň halkara syýasatda aýdyň ugur bilen öňe barýandygyny görkezdi.

Sammit Kazan şäheriniň myhmansöýerligini, baý medeniýetini we taryhy dostluk ruhuny ýene bir ýola ýüze çykardy. Bu şäher Gündogar Ýewropanyň iň gadymy merkezleriniň biri hökmünde dinleriň, medeniýetleriň we dürli milletleriň arasyndaky agzybirligiň nusgasy bolup durýar. Şäher sammitde 30-dan gowrak ýurduň we halkara guramalaryň wekillerini myhman almak bilen ýene bir gezek dünýäniň nazaryny özüne çekdi.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.