Dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň nyşany

25 Oktýabr 2024
361

Kazan şäherinde iş saparynda bolmagynyň çäklerinde 24-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, şol hyzmatdaşlyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik we bilelikdäki işiň ägirt uly oňyn tejribesi esasynda guralýar. Dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler türkmen-tatar dialogynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berildi.

«Nesil».