Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň sergisi

25 Oktýabr 2024
299

Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen alabaý itleriniň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi geçirildi.

27-nji oktýabrda belleniljek Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda guralýan döredijilik bäsleşigine Çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlary, akademiýanyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde bilim alýanlar, Döwlet neşirýat gullugynda, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýänler, Döwlet serhet gullugynyň we içeri işler edaralarynyň işgärleri, erkin suratkeşler özleriniň döreden işleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşik halyçylara, heýkeltaraşlara, fotosuratçylara, çaphana işiniň hünärmenlerine we teleoperatorlara türkmeniň wepaly dostuna bagyşlanan täze ajaýyp eserleri döretmäge we özleriniň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinlerini açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň baş maksady hem halkymyzyň durmuşynda bu edermen we akylly itleriň eýeleýän ornuny giňişleýin hem-de döwrebap derejede wasp etmekden ybaratdyr.

Gyzylgül AMANLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. Surata düşüren Hasan MAGADOW.