Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegi, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmegi maksat edinýär. Ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi bolsa hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, ony mundan beýläk-de giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 10-11-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada amala aşyran resmi sapary hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady.
Syýasy dialogyň yzygiderliligi — ynanyşmagyň nyşany