Dostluk köprüleri berkidilýär

24 Oktýabr 2024
246

16-17-nji oktýabrda ýurdumyzda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäresi iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklar çuň many-mazmuna eýe bolýar. Bilim ulgamynda gatnaşyklar giňeldilip, ylym we medeni alyşmalar, iki döwletiň sebitara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Ýurtlarymyzda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri meşhur döredijilik çäresine öwrüldi. Nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň tomaşaçylardan doly zaly hem Türkmenistanda bu çärä uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezdi. Bu ýere medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dostlukly halkyň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.