Täzelikler

23 Oktýabr 2024
293

Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda şu ýylyň geçen dokuz aýynyň jemi boýunça gurnama demirbeton önümleriniň 21205 kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi.

Jemi taýýarlanylan senagat önümleriniň we edilen işleriň möçberi geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 107,7 göterime deň boldy. Bu ýerde köpöýjükli demirbeton plitalary, içki we daşky diwar panelleri, jaýlar üçin bitewi demirbeton plitalary, lagym ulgamy üçin beton guýular we guýy örtgüleri, demirbeton basgançaklary, beton bloklar, germewlik demirbeton önümleri, dik demirbeton sütünleri ýaly önümleriň 100-e golaý görnüşi öndürilýär.