Milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudagynyň mümkinçilikleri

24 Oktýabr 2024
328

nobatdaky Aşgabat forumynda giňden şöhlelenýär

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda dünýäniň nebitgaz pudagynda iş alyp barýan iri düzümleriniň ünsüni özüne çeken möhüm çäre — «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat hem-de sergi ýokary guramaçylykda öz işine başlady. Indi 29-njy gezek geçirilýän bu forum milli we halkara kompaniýalaryň 200-siniň wekillerine nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesidir geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Nobatdaky maslahat bilen ugurdaşlykda guralan sergä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar forumyň wekilçilikli derejesine, giň gerimine hem-de işjeň häsiýetine ýokary baha berýärler.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».