Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan energiýa serişdelerine baý döwletleriň biri hökmünde nebitgaz pudagyny giňden döwrebaplaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nebitgaz pudagynda iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmäge, dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga uly üns gönükdirilýär. Eziz Watanymyzda indi her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahaty we sergi hem şeýle çäreleriň biridir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi energetika pudagynyň ýurduň ykdysady ösüşinde öňdebaryjy orny eýeleýändiginiň aýdyň görkezijileriniň biri bolup durýar. Bu halkara çäräniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär, onuň işine dürli ýurtlardan işewür toparlar, köp sanly daşary ýurtly kompaniýalar, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri gatnaşýar. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belläp geçdi. Halkara maslahat «Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi» atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolup, şeýle forumlaryň ýurdumyzyň energetika pudagynyň nebit we gazy gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, ibermek, gurmak ýaly ugurlara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekde uly ähmiýeti bardyr.