Ýangyç-energetika: hyzmatdaşlyk we mümkinçilikler

21 Oktýabr 2024
446

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt gorlaryna eýe bolan Türkmenistan öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýup, energiýa çeşmeleriniň dünýä bazaryna çykarylýan möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady bähbitler bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmaga hem gönükdirilýär. 23 — 25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döreder.

Tebigy gazyň tassyklanan gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz halkara nebitgaz bazaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Bütindünýä ykdysadyýetiniň çökgünlikden çykmagy uglewodorod serişdelerine islegiň artmagyny we olaryň bahalarynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Munuň özi nebiti we gazy eksport ediji ýurtlara bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge hem-de «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş döwründe pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny giň gerimde ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».