Türkiýäniň elektron söwda ägirdi “Hepsiburada” platformasynyň esasy paýy Gazagystanyň tehnologiýa ägirdi “Kaspi” kompaniýaysna 1,13 milliard dollara satyldy. Türkiýäniň “Dogan” maşgalasynyň agzalary bilen “Hepsiburada” platformasynyň “A” we “B” synp paýnamalarynyň 65,4 göterimini satyn almak barada şertnama baglaşylandygy mälim edildi.
Gazak kompaniýasy bu platformany satyn almak boýunça töleglerini 2 tapgyrda amala aşyrar. 1.13 milliard dollar möçberindäki şertnamanyň 600 million dollar şertnama kabul edilden soňra tölener. Galan 526.9 million dollary bolsa 6 aýyň dowamynda türk tarapyna geçiriler.