Özbegistanyň dokma pudagyna syn

20 Oktýabr 2024
311

Köçedir kentlerinden gadymyýetiň ysy bark urup duran, ençeme hanlyklaryň, emirlikleriň mekany bolan Özbegistan bu günki gün dünýäde diňe bir taryhy bilen gaýnap joşýan ojak hökmünde däl-de, eýsem, galkynan ykdysadyýeti bilen hem özüni ykrar etdirmegi başardy. Halkara Pul Gaznasynyň hasabatyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ahyrynda Özbegistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 5,6 göterime ýeter. Bu görkezijiniň 2025-nji ýylda 5,7 göterime çenli ýokarlanjakdygy aýdylýar. Hasabata görä, ýurduň jemi içerki önüminiň hakyky (real) ösüşi ýylyň birinji ýarymynda 6,4 göterime deň boldy. Häzirki wagtda Özbegistan Merkezi Aziýada maşyngurluşygynda, oba hojalygynda, dokma senagatynda, suwaryş we ýol gurluşygynda ulanylmaga niýetlenen agyr tehnikalary öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar. Mundan başga-da, ýurduň oba hojalyk, dokma we taýýar egin-eşik pudagynda gazanylýan üstünlikler ýurduň milli ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirýär.

Dokma we taýýar geýim-gejim pudagynyň ösüş tendensiýalary

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».