«Halypalaryň mekdebi — halkyň ruhy mirasy»

17 Oktýabr 2024
381

17-nji oktýabrda şeýle at bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras bölüminiň Ahal welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda Gökdepe etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk bagşysy Täçmämmet Suwhangulyýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Belent ruha beslenen dabarada belli  sazşynas Amanöwez Saparow, Täçmämmet Suwhangulyýewiň çowlugy Türkmenistanyň at gazanan artisti Altymyrat Pürmämmedow ussat halypanyň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşan goşandy barada täsirli gürrüň berdiler. Türkmenistanyň «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň halk saz gurallary ansamblynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň halk saz gurallary ansamblynyň ezber sazandalary Täçmämmet Suwhangulyýewiň döreden «Azatlyk», «Bag içinde» hem-de «Göroglynyň at oýnadyşy», «Baba sen» ýaly halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de dabarada kämillige gol beren bagşy-sazandalar K.Durdyýew, T.Nuryýew, H.Hojagulyýew, Ş.Hojamgulyýew dagylar mukamçy kompozitorlarymyzyň döwürdeş şahyrlarymyzyň goşgularyna döreden «Pyraga gutlag», «Dutarym», «Bagşylar» atly aýdymlar bilen dabarany bezediler. 

«Edebiýat we sungat».