TÜRKMENISTAN – TÄJIGISTAN: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

1 Oktýabr 2024
348

Ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň we Merkezi Aziýa sebitinde okgunly ösýän döwletleriň biri hem Täjigistan Respublikasydyr. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny Täjigistan Respublikasy yzygiderli goldaýar we doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan we Täjigistan Respublikasy dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty sazlaşykly durmuşa geçirip, gadymdan gelýän ýakynlygy saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ony hemmetaraplaýyn ösdürýärler. Iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Çünki halklaryň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda köp umumylyklar bar.

Türkmenistan we Täjigistan 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýarlar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda iki ýurduň arasynda dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.

Mekan PENAÝEW
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň baş hünärmeni.