XXI asyrda ylmy-tehnikanyň ösmegi bilen biziň gündelik durmuşymyzy indi awtoulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl ýaly. Biz gündelik okuwa, işe, gezelenje, syýahata ýa-da beýleki maksatlar bilen köçä çykanymyzda transport serişdelerinden işjeň peýdalanýarys. Şonda döräp biläýjek betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan, aýratynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan birnäçe anyk maksatly işler alnyp barylýar. Çünki adamyň rahat durmuşyna howp salýan diňe bir tebigy hadysalar bolman, eýsem, daş-töweregimizi gurşap alan awtoulaglar hem bolup biler.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş durmuş derejeleri günsaýyn gowulanýar. Elbetde, gurulýan binalar bir hatarda giň hem owadan häzirki zaman awtomobil ýollarynyň, estakadalarynyň, ýol hereketiniň gatnawyny ýeňilleşdirýän köprüleriň gurulmagy, pyýadalar üçin howpsuz, amatly dürli yşklar bilen yşyklandyrylan ýerasty geçelgeleri, olaryň degişli ýol belgileri we yşyklandyryş çyralary bilen üpjün edilmegi halkymyzyň asuda, howpsuz hereket etmekleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden nyşandyr. Bu döredilýän ajaýyp şertler, ýol hereketine gatnaşyjylaryň, sürüjileriň, pyýadalaryň her bir raýatyň düşünjeli, jogapkärli çemeleşmegi ýollarymyzyň hadysasyz, asuda bolmagyna raýatlarymyzyň ömrüniň rahat bolmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.