HUMAÝ SAÝASYNY SALMYŞ

1 Oktýabr 2024
308

Iliň bagty çüwende şeýle bolar eken! Ezeli Hakdan halatly bu halkyň gum diýip garbany gyzyl. Çünki erenlerdir pirleriň, merdi-merdanlaryň düýnäp ýatan bu topragy aslynda Hydyr gören keremli ildir. Merdana ederlerimiziň çirksiz söýgüsi, dili dogaly ynsanlaryň ýagşy arzuw-niýetleri bu topragy galkyndyryp duran mukaddeslikdir.

Gara gazmanyň tarlaryndan çykýan ýaly lummurdap akyp ýatan derýalaryna, tolkunyp duran gojaman Hazaryň tolkunlaryna diň sal! Gargy tüýdügiň owazy ýaly ümmülmez Garagumyň ýellerine gulak goý! Asyr aşyp gelýän heňňamyň çawuşy ýaly pessaý owazlanýan ol sedalar gulaga eşidilýän hem däldir, belki, köňül bilen duýulýandyr. Bilmedim, emma göwnüme bolmasa şol sedada Gorkut atanyň: «Ýom bereýin, ogullarym! Ýerli gara daglaryñ ýykylmasyn! Kölgelije gaba agajyñ kesilmesin! Joşup akan görkli suwuñ guramasyn! Ganatlaryñ gyrylmasyn! Çapañda, boz atyñ büdremesin!» diýen dogasy bar bolmaga çemeli.

Gurban GURBANOW
«Arkadagly Ýaşlar».