Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

30 Sentýabr 2024
582

Aşgabatdan çykyp, gündogara tarap ýola düşeniňde, tebigatyň gözellikleri bilen sazlaşýan ir-iýmişli baglyklaryň, ekin meýdanlary, ýyladyşhana toplumlary gözüňi egleýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäklerinde döwrebap ýyladyşhanalaryň hatary has-da artýar. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen şol toplumlar ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Şolaryň hatarynda telekeçi Azat Şyhymgulyýew tarapyndan gurnalan ýyladyşhana toplumy hem bellenilmäge mynasypdyr.

Kaka etrabynyň G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzakmöhletleýin bölünip berlen 18 gektara barabar ýerde işjanly işewürler umumy meýdany 5 gektara barabar bolan ýyladyşhana toplumyny işe girizip, pomidor ösdürip ýetişdirmekde ilkinji üstünlikleri gazanýarlar. Bu ýerde ösdürilýän «Pink tarawatti» sortuna degişli pomidorlar dünýä bazarynda hem uly islegden peýdalanýar.

Çary ÇARYÝEW ,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.