«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Ir säherlerde ýa-da seýrek ýagdaýlarda agşamlaryna şäher köçelerinde ylgaw edip ýören adamlaryň, esasanam, ýaşlaryň duş gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň ösüşiniň oňyn alamaty bolup durýar. Eýsem-de bolsa şäher merkezlerinde ylgaw etmek şäher etekleriniň, ümsüm şäherçeleriň köçelerinde, obalaryň gum-gukluk ýodalarynda ylgamakdan esli tapawutlanyp biler. Gözýetimiň ynsan nazaryna ýapyklygynyň özi eýýäm ylgaýjynyň dyzmaç ruhuny biraz sykaja salyp, onuň sähradaky ýaly asman bilen zeminiň birleşýän çyzygyna ýa-da alysda seleňleýän daglaryň etegine tarap «ýaşyl şemal deýin, ganatly deýin» (G.Ezizow) ümdüzine tutduryp gidibermegine maý berenok. Esasy päsgelçilik bolsa şäher gurşawynyň ylgaýjyny her ädimde seresap bolmaga mejbur edýän şertleri bolup durýar. Ýogsam bolmanda bedenterbiýe jähetinden tutuşlygyna alnanda şäherde ylgamagyň çola ýerlerdäki ylgawdan kembaha ýeri ýok. Eger şäher ýeriniň aýratynlyklaryna uýgunlaşyp, şoňa laýyklykda aşakdaky käbir düzgünleri berjaý etmek bilen ylgasaňyz, siz her ýerde-de ylgaw sportunyň ynsan bedeni we ruhy üçin taýsyz peýdasyndan lezzet alyp bilersiňiz.