Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlete bugdaý tabşyrmakda gazanan üstünlikleri bilen ruhlanyp, häzirki günlerde täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Etrap boýunça şu möwsümde 17,5 müň gektar meýdana bugdaý tohumynyň sepilmegi göz öňünde tutulyp, bu işiň bada-bat ýokary depgine eýe bolmagy guwandyryjy netijeleri berýär. Şeýlelikde, her günde 280-300 gektar meýdanda ekiş oňat hilli amala aşyrylýar. Ekişde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň sürüm, bejergi traktorlarynyň 50-den gowragynyň, bugdaý ekijileriniň 30-a golaýynyň, şonuň ýaly-da daýhan birleşiklerine degişli tehnikalaryň güýjünden öndürijilikli peýdalanylmagy şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Bugdaý ekişinde etrabyň «Akgala», «Hakykat», «Akderýa», «Galkynyş» daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri has öňe saýlanýarlar.
Etrabyň çäklerinde irki möhletlerde ekiş geçirilen meýdanlar hatasyz gögeriş berýär.