ÝB-de ulaglaryň satuwy 18,3 göterim peseldi

23 Sentýabr 2024
402

2024-nji ýylyň awgust aýynda Ýewropa Bileleşiginde awtoulaglaryň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18,3 göterim azaldy. Has anyk aýtsak, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde geçen aýda 643,6 müň sany ulag satyldy.

Ulaglaryň satuwy degişlilikde, Germaniýada 27,8, Fransiýada 24,3, Italiýada 13,4 we Ispaniýada 6,5 göterim pese gaçdy. Şol bir wagtyň özünde ÝB-niň bazarynda elektromobillere bolan isleg hem azaldy. Hasabat döwründe ÝB-de 92,1 müň elektromobil satylyp, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 43,9 göterim azdyr. Şeýlelikde, umumy bazarda elektromobilleriň paýy 14,4 göterime çenli kemeldi.

Taýýarlan: Baýramgeldi SÄHEDOW, TDBGI-niň talyby.