Ygtybarly binýat

18 Sentýabr 2024
430

Mälim bolşy ýaly, her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Eziz Diýarymyzda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir.

Bilşimiz ýaly, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Bu halkara forumyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinden habar berýär. Sebäbi biziň ýurdumyzda maýadarlaryň netijeli işlemekleri üçin ygtybarly hukuk binýady döredildi. Bu bolsa Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň, işewür düzümleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, geçirilen bu maýa goýum forumynyň ykdysady, durmuş taýdan sazlaşykly ösüş babatda aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Aýlar IŞANGULYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.