Önümçiligiň depgini ýokarlanýar

3 Sentýabr 2024
428

Köneürgenjiň ösümlik ýag kärhanasynyň süýt önümlerini öndürýän bölüminde şu günler işiň has gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Adatça bolşy ýaly, ýaz, tomus, güýz aýlarynda kärhanada süýt önümleriniň öndürilişi has ýokary bolýar. Kärhananyň önümçiligi ilatdan satyn alynýan süýdüň hasabyna alnyp barylýar.

Süýt önümleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini alyp barýan kärhanada ýylyň başyndan bäri gazanylan önümçilik netijeleri ýokary boldy. Başgaça aýdylanda, häzirki wagta çenli kärhanada süýdüň 1 müň 33 tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi. Şonuň netijesinde süýt, gaýmak, gatyk ýaly önümleriň 165 tonnasy, mesge ýagynyň 38 tonnasy, peýniriň we dorogyň 4 tonnasy, turşadylan süýt önümleriniň 78 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Ýeri gelende aýdylsa, kärhananyň önümleriniň saldamly bölegi çagalar baglaryna, harby bölümlere ugradyldy.

Şöhrat ABDYÝEW.
öz habarçymyz.