Ylym — ösüşlere badalga

3 Sentýabr 2024
627

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýöne ýere däl, çünki baş baýramyň öň ýanynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlar boýunça ýetilen belent sepgitlere nazar aýlap, geljek üçin çelgileri bellemek kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ähli işleriň ylmy taýdan esaslandyrylmalydygyny nygtaýar. Alym Arkadagymyz şeýle hem ýurdumyzda ýerine ýetirilýän ylmy barlaglaryň netijeli, geljegi uly ugurlara gönükdirmelidigini belläp geçýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem alym Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny ynam bilen dowam etdirip, ylmy barlaglaryň geriminiň giňelmegini we olaryň netijesindäki ylmy esaslandyrmalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny esasy wezipe hökmünde kesgitleýär. Öňde duran bu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen kabul edilen döwlet maksatnamalarydyr hojalyk hasaplaşygyndaky şertnamalar boýunça ýurdumyzdaky hereket edýän önümçilikleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Muňa mysal edip, «Sement önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak», «Ýerli çig mallaryň esasynda tebigy boýaglary almak we ulanmak», «Gidroarassalanan dizel ýangyjyny öndürmegiň usuly», «Ýerli çig mallaryň esasynda oba hojalygy üçin peýdaly önümleri almak», «Ýerli çig mallary ulanyp tehniki duz kislotasyny we koagulýant erginini almak», «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýasy» ýaly köp sanly düýpli we amaly ylmy-barlag işlerini görkezmek bolar. Ýerine ýetirilýän ylmy barlaglaryň netijeleriniň patentler bilen berkidilmegi we önümçilige ornaşdyrylmagy bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk has-da ösmegine esas bolup durýan wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzyň ösüşlerine badalga bolup duran ylmy-barlag işlerini talabalaýyk alyp barmaga ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Akjagül SAPAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alym-kätibi.