Islegli gurluşyk harytlary

3 Awgust 2024
530

Bu günki gün ak mermere beslenen ajaýyp paýtagtymyz bilen birlikde, Watanymyzyň ähli künjeginde durmuş maksatly döwrebap binalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Beýikden gelen kaşaň binalar gurlanda, häzirki zaman we milli bezeg usullarynyň sazlaşykly ulanylmagy olaryň gözelligini artdyrýar.

Türkmen işewürleri diňe medeni-durmuş maksatly binalary gurman, olar üçin gerek bolan gurluşyk materiallaryny hem öndürýärler. Soňky ýyllarda ýurdumyzda öň daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk serişdeleriniň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle önümleri öndürýän kärhanalaryň biri hem «Galkynan ykbal» hususy kärhanasydyr.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».