Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamy özüne «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliklerini birleşdirýär. Ulgamdaky düzümleriň her biriniň ähmiýetli orny bar. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň sazlaşykly ösdürilmegine, işleri utgaşykly guramaga degişli meseleleriň her birine möhüm ähmiýet berýär. Halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, ulag ulgamynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ilata edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar, şeýle hem bu düzümlere sanly ulgam, täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar.