«Magtymguly» operasy sahnada

25 Iýul 2024
620

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toý-dabarasyna türkmen saz sungatynyň wekilleri hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan düzülen aýdym-saz topary hem opera eserini döretmekde uly tejribesi bolan, kompozitorlar Aşyr Kulyýew bilen «Abadan», Daňatar Öwezow bilen «Leýli-Mejnun» operalaryny döretmäge gatnaşan Ýuliý Meýtus akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen «Magtymguly» operasyny halkyň dykgatyna ýetirdi.

«Magtymguly» operasynyň librettosyny 1962-nji ýylda belli ýazyjy Berdi Kerbabaýew bilen ussat režissýor Alty Garlyýew ýazýar. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde bellenilýän ýylynda bu saz eserine dirižýorlyk etmegi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew öz üstüne alýar. Golaýda bu opera barada gürrüň bermegini haýyş edip, ussat dirižýor Gurban Babaýewe ýüz tutduk. Ol şonda şeýle diýdi:

Çaryýar JUMAÝEW,
sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory.