Sahnada — aýdymçy ýaşlar

23 Iýul 2024
604

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçylaryň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasyna we baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam bermek babatynda möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, bu telebäsleşigiň meşhurlygy ýylyň-ýylyna barha artýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu bäsleşigiň aýratyn uly ruhubelentlige beslenýändigine onuň Ahal welaýaty boýunça jemleýji tapgyry aýdyň şaýatlyk etdi.

Üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýän Änew şäheriniň görküne görk goşýan medeniýet öýüniň giň dabaralar meýdançasynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen aýdymçy ýaşlaryň onusy gatnaşyp, döredijilik ukyp-başarnygyny, zehinini açyp görkezdi. Olaryň belent owazly, şirin mukamly aýdym-sazlary owadan sahnanyň bezegini artdyrdy. Aýdym-saz sungatynyň köp sanly muşdaklary ýaşlaryň ukyp-başarnygyna görä ýerine ýetiren çykyşlaryna uly höwes we gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Milli sungatymyzyň rowaç menzillerini açyp görkezen bäsleşigiň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda beýik döwrümiziň, berkarar Watanymyzyň waspy joşgunly waspyny tapdy.

Ýörite habarçymyz.