Asylly terbiýe

21 Iýul 2024
1037

Ynsan ýaşlykdan niýet eden ugry bilen ýörese, onuň ömri many-mazmuna baý bolýar. Çagalyk ýyllaryndan kitaba ysnyşan adamyň durmuşy jemgyýete nusgalyk işlere gönügip gidiberýär. Ylaýta-da, çaga terbiýesi kitap bilen utgaşanda aýratyn guwandyryjy netijeleri berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyryň döredijiligi dünýä ýaýylýar, kitaplary neşir edilýär. Biz bu kitaplary öz işimiziň gözbaşynda goýup, çaga terbiýesiniň pederlerden miras galan däpleriniň ýöredilmegini asylly iş hasaplaýarys. Akyldar şahyryň kitaplaryna bolan mukaddes garaýşy kemala getirmek, goşgularynyň many-mazmunyny düşündirmek sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň kepili bolup durýar. Şahyr «Gyş bolar» goşgusynda:

Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir, Nesihatym uly ile ylymdyr — diýmek bilen, durmuşda ylym-bilimiň, terbiýäniň älem ýaly giňdigini beýan edýär. Ol terbiýeli bolmak üçin her bir adamda Watana söýginiň zerurlygyny hem nygtaýar. Dana şahyr «Mert bolmaz» şygrynda: Eşit adam, dogan ilden, Gaýry mähriban ýurt bolmaz — diýip, Watany ezizlemegiň juda zerurdygy hakynda aýdýar. Şunuň ýaly nesihatlar Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň edep-terbiýäniň gönezligine öwrülmegine, ony her bir ynsanyň sarpalamagyna getirýär. Dana şahyryň ajaýyp goşgulary ynsanperwerligiň özeni, terbiýäniň mekdebidir. Goý, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň gadyr-gymmatyny älem- jahana ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Şakaka GAZAKOW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap geňeşiniň başlygy.