«Gallam bar — tyllam bar»

19 Iýul 2024
692

Halkymyzda saçak, çörek, öý-ojak ýaly mukaddesliklere aýratyn sarpa goýulýar. Şol mukaddeslikleriň gözbaşynda bolsa ak bugdaý durandyr. Çünki ol diňe bir tebigy nygmat bolman, adamzat üçin Ýaradanyň ýaşaýyş ýalkawydyr. Türkmen uzak ýoldan gelen myhmany duz-çörek bilen garşylaýar. Ýakyn adamy uzak ýola çörek bilen ugratmak türkmeniň adatydyr. Däp-dessuryna, ynam-ynanjyna siňen ak bugdaýdan çörekli bolmak türkmen ojagy üçin iň uly abraýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndaky: «Gallam bar — tyllam bar» diýen peder paýhasynda, gör, nähili giň many bar! Ondan bugdaý önýän topragyň keramatdygy baradaky pikiri hem okap bolar, bugdaý ekýän we desterhanlaryň doly bolmagyny üpjün edýän halkyň umumadamzat ýaşaýşyna bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna goşýandygy hakyndaky düşünje bolsa bu sözde lowurdap, nur saçyp durandyr» diýen setirlerde hem halkymyzyň ak bugdaýa goýýan sarpasy duýular.

Elbetde, gallasyny tylla saýýan türkmeniň nesli hökmünde biziň her birimiziň gursagymyzda hem şeýle baýlyklara, ylahy nygmatlara bolan päk duýgular we arassa garaýyşlar bar. Biz atalarymyzyň terbiýe mekdebine ygrarly nesiller hökmünde çöregiň birje owuntygyny ýere gaçyrmagy günä saýyp ulalan nesiller. Saçagy sylamagy, una, bugdaýa aýawly garamagy körpelikden öwrenen gyzlar-ogullar. Şonuň üçin hem bugdaý dänesine bolan duýgular biziň ganymyzda, aňymyzda ýaşaýar. Bu terbiýäni nesillere geçirmek bolsa borjumyzdyr. Çünki biz bu topragyň bugdaý nanyny iýdik. Iýen duzuňy haklamak bolsa türkmen perzendi üçin paryzdyr.

Aýbölek REPBIMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.