2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Hytaýa suwuklandyrylan tebigy gazy eksport etmekde Awstraliýa birinji orny eýeledi. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirligi habar berýär. Hasabat döwründe Awstraliýa hytaý bazaryna umumy bahasy 6,3 milliard amerikan dollaryna deň bolan 11 million tonna suwuklandyrylan tebigy gazy iberdi. Bu ugurda ikinji ýer Katara degişli. Katar şu ýylyň bäş aýynda umumy bahasy 4,7 milliard amerikan dollaryna barabar 7,7 million tonna suwuklandyrylan gazy Hytaýa eksport edipdir. Ilkinji üçlügi bolsa Malaýziýa (umumy bahasy 1,8 milliard amerikan dollar, umumy göwrümi 3,7 million tonna) jemleýär.
Bäş aýda umumy bahasy 1,7 milliard amerikan dollarlyk 2,85 million tonna suwuklandyrylan tebigy gazy Hytaýa satan Russiýa Federasiýasy bolsa dördünji orunda ýer alypdyr.