Maý aýyndan bäri Hytaýdan eltip bermek boýunça hyzmat üçin isleg gaýtadan döräp başlady. Munuň özi tranzit wagtynyň we ýük çykdajylarynyň amatlylygy bilen baglydyr. Bu barada «Канавара Групп» kompaniýasynyň müşderiler bilen işlemek boýunça direktorynyň orunbasary Andreý Serebrýakowyň beren maglumatyna salgylanýan «Logirus» habar berdi.
— Häzirki wagtda multimodal ulag üçin tranzit wagty — takmynan 60 gün, göni demir ýol ulaglary üçin 30 gün töweregi. Hyzmatlaryň köpüsinde owerbuking bellige alynýar — diýip, hünärmen belleýär. — Deňeşdirmek üçin: aprel aýynda Hytaýdan multimodal ulag üçin 40 gije-gündiz, göni demir ýol ulagyna bolsa 15 gije-gündiz gerekdi.