Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

12 Iýun 2024
541

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde dünýä döwletleri, iri halkara guramalary, şol sanda Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Koreýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk okgunly, özara ähmiýetli häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär.

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni ulgamlarda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meselelere garaldy. Bilşimiz ýaly, iki ýurduň arasyndaky ýola goýlan açyk we netijeli dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şertini emele getirýär. Köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda Koreýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni ulgamlarda, parlamentleriň ugry boýunça netijeli döwletara gatnaşyklary giňeltmekde giň gerimli işler amala aşyryldy.

«Esger».