Ösýän ykdysadyýetiň islegli önümi

3 Iýun 2024
995

Ulag-logistika düzüminiň hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýükleriň daşalyşynyň möçberi yzygiderli ýokarlanýar. Howa menzillerindäki, deňiz duralgalaryndaky ammarlarda ürgün ýükleri saklamak we daşamak üçin peýdalanylýan we «big beg» diýlip atlandyrylýan polipropilen haltalaryň hatarlary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Olarda bugdaýdyr pagtadan başlap, palçykdyr demir magdanyna çenli dürli önümleri saklamak bolýar. Şonuň üçinem şeýle haltalar azyk we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşykda we beýleki pudaklarda uly islegden peýdalanýar. Bizem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Rowaçlan Galkynyş» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen duşuşyp, polipropilen haltalaryň önümçiligi bilen ýakyndan tanyşdyk.

6 ýyl bäri polipropilen haltalarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan «Rowaçlan Galkynyş» hususy kärhanasy häzirki wagtda bu ugurda uly tejribe toplady. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda täze edara binasyny işe girizmek bilen, hususy kärhananyň mümkinçilikleri has-da artdy. Bu ýerde «Rowachpack» haryt nyşany bilen ýük göterijiligi 5 kilogramdan 3 tonna çenli dürli ölçegdäki we dykyzlykdaky polipropilen haltalaryň 30-a golaý görnüşi taýýarlanylýar. Hindistan Respublikasynyň «Lohia» kompaniýasynyň awtomatlaşdyrylan tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhanada aýda 1000 tonna golaý önüm öndürmäge mümkinçilik bar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Biznes reklama».