ÝURDUMYZYŇ ULAG-ÜSTAŞYR MÜMKINÇILIKLERI KUWWATLANÝAR

3 Maý 2024
731

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmagy ulag ulgamyny ösdürmekde ägirt uly serişdeleriň goýberilmegine, öňdebaryjy tejribeleri ulanmak arkaly döwrebap ulag-magistral ýollaryny, köprüleri, demir ýollary we turbageçirijileri gurmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, sebitde ulag logistika merkeziniň kemala gelmegine esas döredýär. Bu bolsa ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwürýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň dabaraly açylmagy ähli watandaşlarymyzyň ýüreklerinde buýsanç duýgusyny döreden ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi. Diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenen awtobanlar tutuş dünýäde hem uly meşhurlyga eýedir. Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga, gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döredýän bu ak ýol goňşy döwletler bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem, bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden Kawkaza, Ýewropa, Russiýa, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döredýär.

Resulberdi ÇERKEZOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.