BAHAR ÝÜREKLI ŞAHYR

5 Aprel 2024
647

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryny, ynsaplylyk ýörelgesini, edebi mirasyny nesillerden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň, halypa şahyrlaryň bize galdyran medeni mirasyny öwrenmek, ony ýaş nesilleriň aňyna ýetirmek arkaly olarda watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, päk ahlaklylyk, janypkeşlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek arkaly türkmen ýaşlarynyň Watana, halka wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri babatda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda türkmen milletiniň taryhynda, edebiýatynda yz galdyran halypa şahyrlara, ussat ýazyjylara uly sarpa goýulýar. Şeýle halypalaryň biri hem Halyl Kulyýewdir. Halyl Kulyýew türkmen edebiýatynda «Bahar şahyry» diýlip hem tanalýar.

Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Şyharyk obasynda doglan. Orta mekdebi tamamlap, iki ýyl mugallym bolup işläninden soň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1960-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şahyry uniwersitetiň türkmen edebiýaty kafedrasyna mugallym edip işe alyp galýarlar. Halyl Kulyýew ömrüniň ahyryna çenli mugallymçylyk kärini dowam etdirýär. Ol 1978-nji ýylyň 8-nji martynda aradan çykýar. Şahyr geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynyň edebiýatyny altyna gaplan zergärleriň biri bolup, «Halyl Kulyýewiň şygryýeti» diýen düşünjäni ýadygärlik galdyran şahyr.

Bahar KURBANÝAZOWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.