Bagtyýar durmuşyň, ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşy

3 Aprel 2024
829

Berkarar ýurdumyzda il saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, wagyz etmek, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde sagdyn jemgyýet kemala geldi. Bedeni taplaýan maşklary yzygiderli ýerine ýetirmegiň, welosiped sürmegiň, dynç alşy sport bilen utgaşdyrmagyň we beýleki sagdyn ýörelgeleriň bagtyýar raýatlaryň gündelik durmuşyna giňden ornaşandygyny belläp geçmek has-da ýakymlydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagy ugrunda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, sagdynlygy, işjeňligi, ruhubelentligi, olaryň saglyk ýagdaýlary baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulmagy «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygaryň dabaralanýandygyny subut edýär.

Aksoltan Söýünowa,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.