«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Ýazyjy Ata Atajanowyň «Öz tanyşlaryň» atly romanyny okan bolsaňyz gerek. Eserdäki pelsepe ullakan zatdan söhbet açýanam bolsa, awtor romandaky gahrymanlaryň durmuşynda bolup geçýän her bir kiçijik wakanam ussatlarça aýdyp geçýär. Munuň özi eserdäki wakalaryň tanyş adamlaryň durmuşynda bolup geçýän ýaly duýulmagyna getirýär. Gahrymanlar saňa tanyş, ýöne wakalar başgarak. Dogry, gahrymanlaryň bize tanyş ýa nätanyşlygy şol wakalara näderejede gatnaşýandygy esasynda kesgitlenilýär. Şonuň üçin umumy bir ortalyk bardyr, elbetde? Bu sowala soň dolanarys. Häzir biz Aziýa yklymynyň uly futbol sahnasynda çykyş eden öz tanyşlarymyz hakynda söhbedi dowam edeli.