Zeminiň zynaty hem görki

13 Mart 2024
1047

Türkmen topragy ýylyň islendik paslynda gaýtalanmajak, özboluşly gözellikleri bilen adamlary özüne maýyl edýär. Ajaýyp tebigatymyzy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda wasp edýärler. Tebigatymyzyň her paslyna mahsus aýratynlyklaryny, gözelliklerini synlan adamyň durmuşa bolan söýgüsi, buýsanjy has-da möwç urýar. Onsoň daşymyzy gurşap alan tebigy gözelligi aýawly saklamak, ony öňküdenem baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek babatda her birimiziň öňümizde durýan raýatlyk borjumyz dogrusynda biygtyýar oýlanýarsyň. Eýsem-de bolsa, biziň her birimiz bag oturtsak, durmuş kitabynda adymyz müdimilik ýadygär galar.

Baglar daş-töwerege gözellik paýlaýar, saýa salýar, howamyzy tämizleýär. «Bagym bar, barym bar» diýen pederlerimiz tebigat bilen ysnyşykly ýaşamagyň kämil ýollaryny bize miras goýupdyrlar. Şol asylly ýörelgeler tebigata, ene topraga bolan egsilmez söýginiň nyşanydyr. Ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri biziň günlerimizde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Şäherlerimizi, şäherçelerimizi, obalarymyzy gür baglyga büremek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu babatda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine uly orun degişlidir. Bag ekmäge ulularam, kiçilerem işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda baglaryň hatary gitdigiçe artýar, tokaý zolaklary peýda bolýar.

Ogulsuraý Täçmämmedowa,
«Balkan».