ŞU WATANYŇ, ŞU MILLETIŇ NESLI BIZ

4 Ýanwar 2024
532

Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan dörän her bir eseri ýaşlar üçin ýol görkeziji şamçyragdyr, durmuş mekdebidir. Bu ajaýyp eserler Watan öňündäki mukaddes borjumyzy ödemäge çagyryşdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabyndaky: «Ýaşlar—biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlar. Halkyň, ýurduň ykbaly bilen bagly meseleleriň üstünde kelle döwjek we akylly-başly netije çykarmagy başarjak adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys» diýen sözleri ýaşlary ýurdumyzyň altyn öwüşginli ak sähralaryndan ylham, ter öleňli daglaryndan güýç-kuwwat, bossan içre baglaryndan joş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Türkmen ýaşlary – ylma, bilime yhlasly nesil. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz!» diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleri hem äşgär edýär. Sebäbi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, olaryň haýsy döwre, haýsy ulgama ýa-da ugra degişlidigine garamazdan, gönüden göni ýaşlara hem dahyllydyr.

Aýgül ATDYÝEWA
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby