GÖWÜN KANAGATY

28 Dekabr 2023
519

Soňky döwür aňsat baýamagyň syrlaryny, bol-telki ýaşamagyň usullaryny beýan edýän kitaplaryň sany barha köpelýär. Kitap bazarynda kän çorba sowadan marketologlar adamyň tebigy häsiýetine – baý bolmak, gowy günde ýaşamak islegine gowy düşünýärler. Esasan hem, tehnologiýalar zamanynda gowy kitabyň hyrydary köpdür. «Kitap önümlerini» geçginli «haryda» öwürmek üçin olar adamyň bu isleginden netijeli peýdalanmagy başarýarlar.

 Adam hemişe durmuşynyň bol-telki bolmagyny, eliniň uzan ýerine ýetmegini isleýär. Göwün bal gününe batmagyň hyýalynda. Bu islegde hiç hili aýyp ýok. Il arasynda Hakyň nazary düşen adamyň rysgal-döwletiniň artýandygy hakynda ynanç bar. Magtymguly Pyragynyň «Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa» diýen setirleri hem bu pikirimizi doly tassyklaýar. Görogly beg hem goluna gara gazmasyny alyp:

Gurban GURBANOW
ArkadaglyÝaşlar