Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, paýtagtymyzda olaryň ilçihanalarynyň açylmagy, daşary ýurtly hünärmenleriň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda işlemegi bilen, halkymyzyň birnäçe daşary ýurt dillerini, şol sanda fransuz dilini öwrenmäge, bilmäge islegi barha artýar.
Häzirki wagtda ýaşlar dünýä halklarynyň dillerini öwrenmäge, olaryň medeniýetine düşünmäge uly höwes bildirýärler. Çünki dil halklary ýakynlaşdyrýan, ysnyşdyrýan iň ygtybarly ýoldur. Fransuz dili dünýäde iň owadan dil hasaplanyp, ol hindi ýewropa diller maşgalasynyň italiý şahasynyň roman toparynyň gallo-roman toparçasyna degişlidir. Budil Fransiýanyň döwlet dili bolup, onuň esasy ilatynyň sözleýiş we ýazuw dilidir.