Uçursyz tebigy zehini we zähmetsöýerligi bilen teatr sungatynda öçmejek yz galdyran Sabyr Ataýewany nesiller buýsanç bilen ýatlaýar. Ussatlarça janlandyran ýüzlerçe keşpleri bilen döredijilik dünýäsinde meşhurlyk gazanan Sabyr Ataýewanyň hem ömür ýoly, hem döredijilik ýoly ýaşlar üçin mekdepdir.
Ussat aktrisa tutuş ömrüni jemgyýetçilik işine bagyşlap, ýaşlary terbiýelemeklige uly üns beripdir. Hemmeler oňa mähir bilen «Sabyr eje» diýip ýüzlener ekenler, ol hem adamlara juda mähribanlyk, süýji dil, güler ýüz bilen garapdyr. Halypa artistiň çuň kalbyndan, irginsiz, yhlasly zähmetinden, esasan, hem, tebigy zehininden dörän keşpler tomaşaçylaryň ençeme neslini terbiýeläp gelýär.