STEM – OKATMAGYŇ HÄZIRKI ZAMAN USULY

28 Dekabr 2023
517

Ýurdumyzda bilim berlişiniň hil derejesini ýokarlandyrmaga we onuň halkara ülňülere laýyk getirilmeginde öňde durýan wezipelere aýratyn üns berilýär. Bu wezipeleriň oňyn çözülmeginde dürli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegine uly orun degişlidir. Her bir dersiň okadylyşynyň usulyýeti şol ders boýunça okadylýan okuw sapaklarynyň netijeliligini kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan, dersara baglanyşygyň saklanmagyna täsir edýän netijeli usullardan peýdalanmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçmek ýerliklidir.

 Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamyndaky öňdebaryjy tejribesini we milli bilim ulgamynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmegiň esasy ugurlarynda bilim ulgamy üçin inžener ugurly ýokary hünär bilimi edaralaryna tapgyrlaýyn STEM maksatnamasy esasynda okuw işini guramak çärelerini ornaşdyrmak maksat edilýär.

Mamajan ŞÜKÜROWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy