Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň guramagynda Ýer ýüzündäki ýaşlaryň arasynda geçirilen «Ýaşlar klimat üçin: güýçli hereket» atly ylmy-taslama işleriniň halkara bäsleşigine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistranty Ogulşirin Täjowanyň gatnaşyp, ýeňiji bolmagy örän buýsandyryjydyr.
Soňky ýyllarda galyndylar bilen baglanyşykly birnäçe ekologik meseleler ýüze çykyp, bu ugurda dünýäniň tejribeli ylym adamlary, ýaş alymlar geljegimizi plastik galyndysyz gurmak ugrunda bir meýdança jemlenip, ähmiýetli netijeleri öňe sürýärler. Oňyn çözgütleri kabul etmek maksady bilen, ekologik abadançylygy ugrunda halkara derejede ylmy-taslama bäsleşikleri geçirilip, ylmyň täze gazananlaryny durmuşymyza ornaşdyrýarys. Geçirilýän halkara olimpiadalara zehinli türkmen ýaş alymlary-da gatnaşyp, öz seslerini goşýarlar. Ýakynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň guramagyndaÝer ýüzündäki ýaşlaryň arasynda geçirilen «Ýaşlar klimat üçin: güýçli hereket» atly ylmy-taslama işleriniň halkara bäsleşigine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistranty Ogulşirin Täjowanyň gatnaşyp,ýeňiji bolmagy örän buýsandyryjydyr.