Atýalman

13 Sentýabr 2023
2388

Haýwanat dünýäsinde süýdemdiriji jandarlaryň gemrijiler topary özlerinde 44 görnüşi jemleýär. Bobrinskiniň atýalmany hem urugda ýeke-täk görnüşdir. Garagum çölüniň endemigi bolan bu jandarlara ýurdumyzda üç ýerde: demirgazyk-günbatarda gadymy Uzboýuň aňyrsynda — Türkmenbaşy etrabynyň Gökdere obasyndan günortada Uzboýuň aşaky akymyna çenli aralykda, Amyderýanyň Sarygamşa akan gadymky ugrunda, Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň şorluk hem takyrlyk ýerlerinde gabat gelmek bolýar. Bäş barmakly atýalmanlar maşgalasyna degişli bu gemriji jandarlar ýurdumyzdan gaýry Özbegistanyň çöllüklerinde hem ýaşaýarlar.

Bedeniniň uzynlygy 11 santimetrden 13 santimetre çenli bolan atýalmanlar toýunsow, ownuk daşly toýunsow takyrlyklarda, bölekleýin syrap gelen çägeli we selçeň şoraly düzlüklerde ýaşaýarlar. Olaryň yzky aýaklarynyň uzynlygy 6 santimetre çenli, arkasy goňurrak, sarymtyl-gülgün öwüşginli açyk sary, bokurdagy, döşi we garny ak reňkli bolýar. Bu jandarlar hereket edip, gysga aralyga bökenlerinde, yzky aýaklaryny hemişe deň goýýarlar. Olaryň bedeninden 1,5 essä golaý uzyn guýrugynyň ujundaky küle reňkli gotazjyk çala bildirýär.

Orazgül Şanyýazowa,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.