Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Şunda berkarar döwletimiziň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty babatda döwrebap kanunçylyk ulgamy döredilýär.
Asylly maksada gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň kämil kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Munuň aýdyň delili hökmünde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda», şeýle hem 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny mysal görkezmek bolar. Ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlary ykdysady taýdan goldamak maksady bilen, salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmelerde täze zähmet ýoluna gadam goýan ýaşlar babatda şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy boýunça salgyt ýeňilliklerini bermek göz öňünde tutulandyr.