"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Yhlas üstünlige ýetirýär Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň wezipelerini üstünlikli amal etmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu tagallalaryň maksady bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlarda üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar.

Syr saklaýan mähekdaş...

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň köp öwüşginli döredijiliginde syr, syr saklamak, syrdaş bolmak bilen baglanyşykly goşgular hem az däl. Olar bilen tanyş bolanyňda, şahyryň syr saklaýan adamlara uly sarpa goýandygyna göz ýetirýärsiň. Eýsem, syr nämekä?! Syr — bu başgalardan gizlin saklanýan pikirdir, ýaşyryn zatdyr. Syrdaş — biri beýlekisine syryny aýdýan, syr alyp, syr berişýän ýürekdeş adamlardyr. Syry bolsa hakyky ýürekdeş dost saklap bilýändir. Şonuň üçin-de halkymyzda syr saklap bilýän adam dostluga mynasyp hasap edilýär. Onuň tersine syr saklaman, ony paş edip ýören adam türkmençilikde halanmaýar. Dana şahyr namart, akmak adamlar bilen syrdaş, ýoldaş bolmagy maslahat bermeýär.

Täze kitap

Magtymguly, sözüň bilene sözdür... Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler bilen bir hatarda ata-babalarymyzdan miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, öwrenmäge, geljekki nesillere ýetirmäge we dünýä ýaýmaga aýratyn uly ähmiýet berilýär.

Şadyýan tomus — 2024

Gyzgalaňly dowam edýär Tomus pasly çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki, bu pasylda mekdep okuwçylary okuw ýylyny üstünlikli tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Her bir mekdep okuwçysy öz boş wagtyny dürli-dürli dynç alyş ýerlerde geçirýär. Biri oba gezelenje gitse, beýlekisi öýde ene-atasyna kömek edýär, öz söýgüli güýmenjeleri bilen meşgullanýar. Käbir çaga tomusky dynç alşyny ýurdumyzdaky dynç alyş merkezlerinde geçirýär.

Gözel Awaza. Sapaly kenar. Bagtly çagalyk

Bagtyýar nesiller tomusky dynça alyş möwsümini eziz Diýarymyzyň gözel künjeklerinde, Köpetdagyň ajaýyp jülgesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şatlyk-şowhunda, ýokary ruhubelentlikde geçirýärler. Munuň özi çagalaryň bagtyýarlygy üçin ýurdumyzda ägirt uly aladalaryň edilýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýurdumyzyň çar künjünden gelip, dynç alýan çagalaryň bagtyýarlygyny göreniňde, egsilmez şatlygyny synlanyňda, ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda naýbaşy orunda goýulýan şeýle asylly maksadyň rowaçlyklara beslenýändigine şaýat bolýarsyň.

Nesil terbiýesinde gymmatly hazyna

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Halkymyz nesil terbiýesi meselesinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýörelge hem-de görelde mekdebine öwürdi. Şahyryň edebi mirasy gymmatly çeşme bolup, döwletiň binýadyny berkitmekde, jemgyýeti kämilleşdirmekde mynasyp orna eýe bolýar.

Owazasy dünýä dolan

Türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolandygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy hem munuň buýsançly subutnamasy boldy. Häzirki wagtda bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumy şatlyk-şowhunly çäreleriň geçirilýän, paýtagtlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň höwes bilen gezelenç edýän, dynç alýan söýgüli ýerine öwrüldi. Türkmen halky döredijiliginde watansöýüjilik meselesine uly orun beren, eziz Watany söýmegi, goramagy we onuň hyzmatynda durmagy, Watanyň ykbalyny öz ykbalyň saýmagy öwüt-ündew eden, bu babatda nusgalyk görelde görkezen beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny uly dabara bilen belleýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda, toýlaryň toýlara ulaşýan döwründe ýaşaýandygymyza bolsa buýsanjymyz egsilmezdir.

Keşbi tebigata siňen Pyragy

Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, paýtagtymyzyň günorta böleginde söz ussadynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryha zer harplar bilen ýazylan şanly wakalardyr. Magtymguly öz ýurduny, halkyny ýürekden söýen, bütin ömrüni Watana, halka bagyşlan beýik ynsandyr. Şol esasdan, tebigatymyza hem onuň keşbiniň siňmegini şol söýgüden, beýiklikden gözbaş alýan ajaýyplyk diýip häsiýetlendiresim gelýär.

Nirededigiňi bilmeli

(Tymsal) Segsen ýaşy arka atan bir gojanyň tanyş-bilşi juda köpmüşin. Garranlygyna garamazdan, ol kim myhmançylyga çagyrsa, göwnüni ýykmajak bolup gider eken. Käwagt on ýere dagy barmaly bolaýýan eken. Biriniňkide myhmançylykda otyrka, ondan ýene näçe ýere barmalydygyny sorapdyrlar. Ol elindäki bellikli kagyzyndan gözüni aýyrman oturyşyna:

Dünýäniň dilleri ýa-da diller dünýäsi

Ýer ýüzünde häzirki wagtda 7 müň töweregi dil bolup, dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy birden köp dili bilýär.*  *  *Miladydan öňki 3500-nji ýyllara degişli bolan şumer dili iň gadymy ýazuw dilidir, ondan soňra müsür we hytaý dilleri gelýär.*  *  *Papua-Täze Gwineýada 841 dil bolup, olaryň käbirine az sanly adam düşünýär.*  *  *Häzirki wagtda ilat sany boýunça dünýäde birinji orna geçen Hindistanda 800-den gowrak dilde gürleşilýär. *  *  *Arap dili 22 ýurduň resmi dili bolup durýar.*  *  *Sözlük goruna iň baý dil iňlis dilidir. 750 müňden gowrak sözden ybarat bolan bu diliň sözlük goruna her ýylda täze sözleriň hem birgideni goşulýar.*  *  *Iň köp öwrenilýän dil iňlis dili bolup, dünýäniň ilatynyň köpüsi ony ikinji dili hasaplaýar.*  *  *Ylmy we beýleki maglumatlaryň köpdügi sebäpli, iňlis we fransuz dilleri internetde ulanylýan iň meşhur dillerdir. Ylmy maglumatlaryň 80 göterimi iňlis dilinde elýeterlidir.*  *  *Lukmanlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, birnäçe dili bilmek beýnini ýaş saklaýar we zehini ýiteldýär.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Aždarha gaýyklarynyň ýaryşy Hytaý dürli şüweleňleriň geçirilýän ýeri hökmünde tanalýar. Bu ýerde geçirilýän aždarha gaýyklarynyň festiwaly şolaryň biridir. Bu festiwal öz gözbaşyny 2000 ýyl mundan ozal alyp gaýdýar. Ol Hytaýyň liriki şahyry Sýuý Ýuana bagyşlanandyr. Tomsuň başynda derýalarda aýratyn bezelen, öň tarapynda aždarhanyň şekili bolan gaýyklarda ýaryşlar guralýar. Depregiň batly sesi bilen festiwala badalga berilýär. Deprek sesi ýaman ruhlary kowýarmyş. Festiwal munuň bilen çäklenmeýär. Derýalaryň kenary boýunça milli däp-dessurlar ýerine ýetirilýär, dürli tagamlar taýýarlanyp, hödür edilýär. Bu çärä gatnaşýanlar biri-biriniň üstüne suw sepýärler, suwa tüwi dänelerini atýarlar. Ýeňiji bolan topar adamlara ýokary hasyl we bagtly durmuş getirýärmiş diýlip yrym edilýär.

“Ýaşyl ýaýlanyň” şowhuny

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň 300-si dynç alyp, saglygyny berkidýär. Olaryň arasynda guralýan çäreler çagalaryň wagtlarynyň has-da täsirli, manyly we netijeli geçmegine şert döredýär. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka, Tejen, Sarahs etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda merkezde guralan nobatdaky medeni-köpçülik çäresi diýseň gyzykly hem-de ýatda galyjy boldy. Çagalar el hünärine degişli işleri ýerine ýetirmekde, dag ösümliklerinden şekilleri ýasamakda, surat çekmekde ukybyny görkezdiler.

«Gülüň owadan» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryna el hünärine ussat zenanlaryň uly topary gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly ýüp saýlap almak we saýmak, ýüňi daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler, keçäniň görnüşleri, ony taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary we şol gurallaryň dogry ulanylyşy barada gürrüň berdiler, gadymy nagyşlary keçä saldylar, keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary aýtdylar.

Ýaşlar sagdyn durmuş bilen

Şeýle at bilen Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Fabrikde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen duşuşygyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Duşuşykda ýurdumyzda ýaşlary sport-sagaldyş hereketlerine giňden çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak babatynda edilýän tagallalar, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenler ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bilen bagly öwüt-ündewlerini aýtdylar. Pederlerimizden gelýän asylly ýol-ýörelgeler, watansöýüjilik, maşgala mukaddesligi bilen bagly edilen gürrüňler hem örän täsirli boldy.

Täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyklar

Täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlykly barmak bilim işgärleri üçin öňde duran esasy wezipeleriň biridir. Şundan ugur alýan Bäherden etrabynyň bilim işgärleri öňdäki okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde mekdeplerde abatlaýyş işlerini göwnejaý alyp barýarlar. Ýeňil abatlaýyş işlerini irki möhletde tamamlan mekdepler hem az däl. Degişli derslere we synplara niýetlenen otaglary döwrebap esbaplar bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Birinji synpa okuwa barjak 6 ýaşly çagalary hasaba almak, bilim işgärleriniň awgust maslahatyna taýýarlyk görmek işleri hem ünsden düşürilmeýär. Häzirki taýýarlyk işleri etrabymyzda täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ýokary derejede garşylanjakdygyna ynamy artdyrýar. Nesip bolsa, gürrüňi edilýän okuw ýylynda bagtdan paýly çagalaryň ýüzlerçesi ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek gadam basar.

Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň guramagynda sanly ulgam arkaly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa welaýat kitaphanasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işini zamanabap derejede guramak, kitaphanalara okyjylary çekmek boýunça pikir alşyldy. Şonuň ýaly-da çärede obadyr şäherlerdäki kitaphana şahamçalarynyň hünärmenlerine usuly kömek bermek, olaryň iş tejribelerini baýlaşdyrmak meselelerine garaldy. Maslahat hemmeler üçin örän ähmiýetli boldy.

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Düýn bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular. Türkmen zyýaratçylary ýörite uçarda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldiler. Soňra bolsa döwrebap awtobuslarda «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi. Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň saýlawlaryň netijeleri baradaky hasabaty diňlenildi.

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Düýn bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular. Türkmen zyýaratçylary ýörite uçarda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldiler. Soňra bolsa döwrebap awtobuslarda “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar. Yslam dünýäsiniň özboluşly merkezine öwrülen iki mukaddeslige tagzym eden watandaşlarymyzyň zyýaraty jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň, asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Olar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylygyň, dostlukly gatnaşyklaryň berkarar bolmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly hajy Serdarymyza we hajy Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

Aşgabat, 9-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi. Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda nygtalyşy ýaly, saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi we Türkmenistanyň saýlap alan demokratik ýoluna hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adam gatnaşdy. Bu bolsa bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdir.