“Ýaşyl ýaýlanyň” şowhuny

10 Iýul 2024
262

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň 300-si dynç alyp, saglygyny berkidýär. Olaryň arasynda guralýan çäreler çagalaryň wagtlarynyň has-da täsirli, manyly we netijeli geçmegine şert döredýär.

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka, Tejen, Sarahs etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda merkezde guralan nobatdaky medeni-köpçülik çäresi diýseň gyzykly hem-de ýatda galyjy boldy. Çagalar el hünärine degişli işleri ýerine ýetirmekde, dag ösümliklerinden şekilleri ýasamakda, surat çekmekde ukybyny görkezdiler.

Mähri ALYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.