"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«Türkmenmetbugat»: sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sanly ulgam ynsan durmuşynyň ähli ugurlaryna barha tiz aralaşýar. Ylym-bilim, ykdysadyýet, hyzmat, söwda we töleg ulgamlary hem sanly çözgütlere we ösen aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda çap edilýän döwürleýin neşirler hem sanly ulgam esasynda döwrebap görnüşe eýe boldy. Şonuň esasynda döredilen internet neşiri halkymyzyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda onuň abunaçylarynyň sany barha artýar. Internet neşiri ähli adamlara elýeterli bolup, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan ägirt uly işler dogrusyndaky maglumatlar, makalalar we çeper eserler bilen tiz tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Internet neşirine abuna ýazylyp gazet-žurnallaryň otuza golaýy bilen tanyşmak mümkin. Bu neşirlere ýylyň dowamynda islendik wagt abuna ýazylyp bolýandygyny hem aýratyn nygtamak zerur. «Türkmenmetbugat.gov.tm», «Metbugat.gov.tm» internet saýtlarynda ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň elektron görnüşleri hem goýulýar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip Şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň iş meýilnamasy esasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden ybarat bolan wagyz-nesihat topary etrabyň edara-kärhanalarynda yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler.

Şanly senäniň dabaralary

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli ýoly hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyndan gözbaş alýar. Ajap eýýamymyzyň “Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylynda-da ýokary netijeler gazanylýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän daşary syýasaty rowaç alyp, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar barha pugtalanýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň diplomatik işgärleri uly işleri bitirýärler. Golaýda Mary şäherindäki welaýat medeniýet köşgünde geçirilen dabaraly çäre-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlandy. Şanly sene mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarygulyýewa, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň hünärmeni Gaýgysyz Magtymow, TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Gurbanýazow çykyş etdiler. Olar ýygnananlary

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Borç duýgusynyň talaby Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da il-gün bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Adam hakdaky alada Garaşsyz, Bitarap döwletimizde kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmakda-da öz beýanyny tapýar. Raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we erkinlikleriniň goralmagy demokratik we hukuk döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Elektrik enjamlary ulanylanda ýangyn howpsuzlygy

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, elektrik togy ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň abadan ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryndan ugur alyp, biz, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öz işimizde welaýatymyzyň ýaşaýyş jaýlarynda, edara-kärhanalarynda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmazlygy üçin degişli işleri alyp barýarys. Şol bir wagtyň özünde elektrik ulgamlaryna hem aýratyn üns berip, näsaz enjamlary ýüze çykaryp, olaryň bejerilmegini gazanýarys.

Gözegçiligiň kämil usullary

Garaşsyz döwletimizde soňky ýyllarda ulaglaryň sany artyp, köçe-ýollarymyzyň gatnawy düýpli ýokarlandy. Maşgalalarymyzyň abadanlygy, ömrümiziň rahatlygy bilen aýrylmaz bagly bolan ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu meselä hemişe uly üns berýär. Şeýle hem ýollara we köçelere gözegçilik etmekde täze tehnologiýalardan we tilsimatlardan netijeli peýdalanylmagy giň gerime eýe bolýar. Köçelere we ýollara kämil usullaryň ornaşdyrylmagy bilen gözegçiligiň ýola goýulmagy köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bölümçämiziň gözegçileri welaýatymyzyň ýollaryna we köçelerine wideogözegçiligi amala aşyrmakda degerli işleri alyp barýarlar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýol gözegçiligi bölümimiz häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilip, ýollarymyzyň we köçelerimiziň hadysasyz bolmagyny üpjün etmekde gowy netijeler gazanylýar. Başgaça aýtsak, ýol hereket howpsuzlygynyň düzgünini bozýan sürüjileri täze tehniki serişdeleriň kömegi bilen ýüze çykarmakda gözegçiligiň kämil usullaryndan peýdalanýarys. Köçelere we ýollara şeýle gözegçiligiň ýola goýulmagy ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünini bozýanlaryň sanynyň ýylsaýyn azalmagyna getirýär.

Şowsuzlyk üstünligiň basgançagymy?!

Meniň pikirimçe, şowsuzlyk üstünlige barýan ýoluň möhüm basgançagydyr. Şonuň üçin men ony özüme duşman däl-de, dost saýýaryn. Ýogsa-da, biz hakydamyza buýsançly möhür bolup basylýan şowlulyklaryň hökman şowsuzlyk bilen gabatlaşýandygyny bilýärmikäk?! Men köplenç, özüme: «Şowsuzlykdan gorkýaňmy?! Işiň ugruna bolmazlygy, aslynda, şowsuzlykmy? Näme üçin, başa barmadyk işime ýaňadandan synanyşyp görmeli däl?! Aslynda, bu sowallaryň döremeginiň özi biziň üstünligiň ýodasyna düşdügimiz dälmikä?!” diýen ýaly sowallary berýärin .

Bulduraşar şaý-sepinde gaşlary

Almaz daşy adama güýç berýär.Aý daşy dartgynlylygy köşeşdirýär, arzuwçyllygy oýarýar, gahar-gazapdan saplaýar we ylhamyň joşmagyna täsir edýär.Zümerret daşy gözüň görejini ýiteldýär.Pöwrize daşy bagt getirýär.Hakyk şatlyk getirýän daşdyr.Sadap ömrüňi uzaldýar.Ýantar göz degmekden goraýar.Ýakut (lagl) söýgi getirýär.Sapfir wepadarlygy berkidýär.Ametist ýüzüňe ýygyrt düşürmeýär.Nefrit ýyldyrym urmakdan goraýar.Hrizopraz eýesine gaýrat we çydamlylyk berýär.

Mynasyp dalaşgärler hödürlendi

Şu günler tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemeklik işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýakynda Bäherden etrap Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan geçirilen mejlis hem işjeň häsýete eýe boldy. Onda Bäherden etrap halk maslahatynyň başlygy Rahmanberdi Annalyýew 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça, saýlawlar gününe çenli otuz ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilinýändigini aýdyp, dalaşgärleri hödürlemek meselesi boýunça çykyş etmek üçin agzalara söz berdi.

Göreldeli etraba buýsanç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy, şol sanda onuň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda ýylyň jemleri boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşigi geçirmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen, indi birnäçe ýyl bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşigiň jemi jemlenilende, welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça gazanylan iň ýokary netijeler nazara alynýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlendi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen s

Abadançylygyň we rowaçlygyň kepili

Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr. Ol Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär» diýlip bellenilýär. Ýurdumyzda prezidentlik institutynyň kemala gelmeginiň taryhyna ser salsak, döwlet dolandyryşynyň bu netijeli ulgamynyň özygtyýarlylygyň we döwlet garaşsyzlygynyň binýadynda emele gelendigini görmek bolýar. Şu nukdaýnazardan, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy toýlanylýan ýylda «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kadalary aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Garaşsyzlygyň taryhy hukuk çeşmeleriniň esasylarynyň biri bolan bu Kanunyň 2-nji bendinde Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň görnüşiniň respublikadygynyň, respublikada döwlet häkimiýetiniň eýesiniň halkdygynyň, onuň öz häkimiýetini gös-göni halk geňeşiniň we wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygynyň berkidilmegi, şeýle-de 3-nji bentde ýurduň bütin çäginde Konstitusiýanyň we kanunlaryň agalyk edýändiginiň kesgitlenmegi taryhy ähmiýete eýedir. Agzalan ýörelgeleýin kadalar soňra ýurdumyzyň Esasy Kanunynda özüniň döwrebap beýanyny tapmak

Sarpasy belent zenanlar

Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ählitaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda amala aşyrylýan işler jemgyýetimiziň esasy bolan maşgalanyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak meselesini çözmäge, eneligi we çagalygy goramaga, sagdyn nesli kemala getirmäge berilýän ünsüň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Zenanlary mähek daşyna deňän pederlerimiz olary hemişe gorap gezipdirler, tutýan ornuna ýokary baha beripdirler. Häzirki wagtda hem ata-babalarymyzyň şol ýol-ýörelgelerine eýerilip, zenan maşgala mukaddes öý-ojagyň synmaz sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde garalýar. Maşgala binýadynyň berk bolmagynda, ýaş nesliň Watanymyzyň wepaly perzentleri bolup kemala gelmeginde zenanlaryň, eneleriň üstüne uly borç düşýär. Şeýle-de, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan uly üstünliklerde hem zenanlaryň saldamly goşandy bardyr. Zenanlar jemgyýetimizde beýik işleri amala aşyrmakda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent duýgulary terbiýelemekde, jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmekde alnyp barylýan işlere hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň edep-terbiýäni wagyz etmekdäki işlerine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Geçirilýän jemgyýetçilik çärelerinde, bäsleşiklerde işjeňlik görkezýärler.

Ruhubelentlige beslendi

Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Şatlyk goşup göwünleriň şadyna, alkyş ýagýar Arkadagyň adyna» diýen at bilen geçirilen çärä Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri hem-de mugallymlar gatnaşdylar. Ýaşlar — ýurdumyzyň röwşen geljegi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylymly, bilimli, ruhubelent, berk bedenli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Munuň üçin ösüşlere beslenýän Diýarymyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Şol şertlerdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp bilim alsaň, saýlan hünäriň eýesi bolup, tutanýerli, halal zähmet çekseň, üstünliklere, belent sepgitlere ýetip bolýar.

Döwrebap kanunlar kabul edilýär

Berkarar döwletimizde hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda kanunçylygy we onuň täsirliligini ýokarlandyrmak, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hukuk tertibini berkitmek, kanunlary düzgünleşdirmek, raýatlaryň hukuk düşünjeliligini gazanmak barada tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän kodekslere, käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kanunlaryň kabul edilmegi, iki palataly Parlament ulgamynyň  döredilmegi muňa aýdyň mysaldyr. ªeýle işleriň netijesinde kämil jemgyýet kemala gelip, adamlaryň hukuklarynyň mizemez binýady üpjün edilýär. Milli Liderimiz döwrebap kanunlaryň ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň ygtybarly kepilidigini nygtap geçýär. Täze taryhy döwürde badalga berlen, milli hem-de dünýä tejribelerine esaslanýan hukuk özgertmelerinde adam we onuň abadan ýaşaýşy baradaky alada ileri tutulmak bilen, olar halkymyzyň hukuk taýdan goraglylygyna, döwletimiziň we jemgyýetimiziň yzygiderli ösüşine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygynyň aýdyň beýan edilmegi munuň subutnamasydyr. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, ynsanperwer milli ýörelgeler Diýarymyzda alnyp barylýan hukuk syýasatynda öz beýanyny tapýar. 

Ýollarymyz asuda — ömrümiz rahat

Eziz Diýarymyzyň döwrebap ulag ýollarynda hereket howpsuzlygyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki giň gerimli aladalarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem Belent Serkerdebaşymyz muňa hemişe aýratyn uly üns berýär. Arkadag Prezidentimiziň şeýle aladalarynyň netijesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek bolsa, bagtyýarlyk döwrümiziň asylly ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Ählumumy goldawa eýe bolýan biraýlyk herekete gatnaşyjy her bir raýatda ýokary jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemekde wajyp orny eýeleýär. Mähriban Arkadagymyzyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm talaplaryndan ugur alyp, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Ulag dolandyrylýan wagtynda onuň talap edilýän tizlikde sürülmeginiň, hüşgärligi elden bermezligiň, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm şertler bolup durýandygy baradaky söhbetler sürüjileriň arasynda geçirilýän düşündiriş çäreleriniň mazmunyny düzýär. Okuw-terbiýeçilik edaralarynda geçirýän çärelerimiz ýaş nesilleriň ýol hereketiniň düzgünlerini dogry we doly berjaý etmeklerini gazanmak maksadyna gönükdirilendir.

Hoş sözlerde näçe gudrat, ýakym bar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň bilim alyp, hünär öwrenmegi, göwün söýen kärine eýe bolup, gül Watanyň has-da kuwwatlanmagyna öz goşandyny goşmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Ösen jemgyýetiň medeniýeti ynsanyýetiň döreden ýokary gymmatlyklaryna daýanýar, milletiň däp-dessurlaryny, taryhy mirasyny goraýar. Ol jemgyýetde özara gatnaşyk, sözleşmek düzgünlerini hem kämilleşdirýär. Birek-birek bilen gürleşmek, gowy gatnaşykda bolmak, göräýmäge, ýönekeý zat ýaly bolup görünse-de, onuň dogry we netijeli bolmagy üçin ýokary medeniýet zerurdyr. Sözleýiş medeniýeti, hoşsözlülik hem ynsan gatnaşyklary jemgyýetiň ösüşi bilen aýakdaş gitmelidir. Akyl-paýhas, sözleşmek, pikir alyşmak ynsany beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan esasy artykmaçlyk bolup, ony ýerlikli ulanmagy başarmak hemmeler üçin zerurdyr, şol bir wagtyň özünde-de, öwrenilmeli taraplary az bolmadyk sungat eseri ýaly bir zatdyr.

Edep — ynsan bezegi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hazar şäher birleşmesi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher bölümi tarapyndan şäheriň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüne gatnaýan gurnakçy gyzlaryň arasynda «Edep — ynsan bezegi» atly wagyz-ündew çäresi geçirildi. Oňa halypa mugallymlar, kümüş saçly eneler, medeniýet işgärleri gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasyndan dörän gymmatly kitaplaryndaky rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, tymsallardyr nakyllaryň üsti bilen gyzlara asylly, edep-ekramly, mylakatly, eli hünärli, işeňňir bolmak ýaly häsiýetleri ündediler. Gyzlary bezeýän asyllylyk we milli lybaslar dogrusynda giňişleýin, manyly gürrüňleri berdiler. Gurnaga gatnaýan çagalaryň el işleri, monjuklardan tikilen we ýasalan önümler, milli nagyşlar, egin-eşikler... myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Arkadagyň bagt şäheri Aşgabat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Ykdysady taýdan gülläp ösýän Watanymyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabadyň milli äheň çaýylan binagärlik keşbi ençeme gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bular mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň kalbyny joşdurýar. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň biri-birinden gözel binalary, ajaýyp şaýollary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, täsin suw çüwdürimleri, dürli görnüşli güller sazlaşykly gözelligi emele getirip, göwnüňi göterýär. Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylygy döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler, syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirki zaman binalar toplumlarynyň gurulmagy paýtagtymyzyň özboluşly ösüşidir.

Toý-baýramly mekan

Bu günki gün ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat dünýäde ýokary tizlik bilen ösýän şäherleriň hatarynda giňden tanalýar. Muňa merjen şäherimiziň soňky ýyllarda özgerip, düýpgöter täzeçe görnüşe eýe bolan keşbi hem aýdyň mysaldyr. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem, häzirki wagtda eziz paýtagtymyzyň islendik künjegine ser salanyňda ak mermerli binalaryň we al-ýaşyl baglara bürenip oturan seýilgähleriň, şirin mukamly suw çüwdürimleriniň, döwrebap gurlan şaýollardyr köçeleriň kämil derejede sazlaşandygyny görmek bolýar. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilenine hem 140 ýyl dolýar. Bu goşa baýramy paýtagtymyzda mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen şu ýyl täze desgalaryň ençemesiniň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslener. Hormatly Prezidentimiz merjen şäherimizi mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda durmuşa ornaşdyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň berjaý edilişini hemişe gözegçilikde saklaýar. Milli Liderimiz ýanwar aýynda hem paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, olaryň barşynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň, «Aşgabat» söwda-dynç alyş toplumynyň, banklaryň täze edara binalarynyň, köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşýän seýilgähiň şeýle hem Aşg

Köňüllerde dessanym

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň şöhraty, mertebesi dünýä dolýar. Watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň we tutuş adamzadyň abadan ösüşiniň we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, döretmek we gurmak babatdaky belent maksatlary, tutumly işleri eziz Diýarymyzy dünýäniň ykdysady we ruhy-medeni taýdan sazlaşykly we gülläp ösýän kuwwatly döwletleriniň birine öwürdi. Birleşen Milletler Guramasynyň beýik binasynyň öňünde ýaşyl baýdagy pasyrdap duran türkmen döwletiniň dünýä bileleşigindäki orny has-da ýokarlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüş ýoly parahatçylyk, asudalyk, ylalaşykly ýaşaýyş, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, her bir ýurduň halkynyň saýlap alan ýoluny ykrar etmek, döwletiň ähli mümkinçiliklerini halkymyzyň ýokary şertlerde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirmek ýaly belent maksatlara ýugrulandyr. Şol başlangyçlar diňe bir syýasy-hukuk jähetden döwletiň we jemgyýetimiziň ösüş mazmuny bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen durmuşynyň hakyky keşbine öwrülip, has belentliklere ýetmäge binýat bolup çykyş edýän milli ösüş ýolunyň many-mazmunydyr.