Gözegçiligiň kämil usullary

17 Fewral 2021
998

Garaşsyz döwletimizde soňky ýyllarda ulaglaryň sany artyp, köçe-ýollarymyzyň gatnawy düýpli ýokarlandy. Maşgalalarymyzyň abadanlygy, ömrümiziň rahatlygy bilen aýrylmaz bagly bolan ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu meselä hemişe uly üns berýär. Şeýle hem ýollara we köçelere gözegçilik etmekde täze tehnologiýalardan we tilsimatlardan netijeli peýdalanylmagy giň gerime eýe bolýar. Köçelere we ýollara kämil usullaryň ornaşdyrylmagy bilen gözegçiligiň ýola goýulmagy köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Bölümçämiziň gözegçileri welaýatymyzyň ýollaryna we köçelerine wideogözegçiligi amala aşyrmakda degerli işleri alyp barýarlar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýol gözegçiligi bölümimiz häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilip, ýollarymyzyň we köçelerimiziň hadysasyz bolmagyny üpjün etmekde gowy netijeler gazanylýar. Başgaça aýtsak, ýol hereket howpsuzlygynyň düzgünini bozýan sürüjileri täze tehniki serişdeleriň kömegi bilen ýüze çykarmakda gözegçiligiň kämil usullaryndan peýdalanýarys. Köçelere we ýollara şeýle gözegçiligiň ýola goýulmagy ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünini bozýanlaryň sanynyň ýylsaýyn azalmagyna getirýär.